JEMGYÝETTÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýatynyň maldarlary mallary gyşlatmaga taýýarlanýarlar

Lebap welaýatynyň maldarçylyk hojalyklarynda mallar üçin ot-iým taýýarlamak, kaşarlary we agyllary abatlamak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.
Häzriki döwre çenli maldarçylyk hojalyklarynda dürli otlaryň 13 müň 532,6 tonnasy taýýarlanyldy. Bu göz öňünde tutulanyndan artykdyr. Onuň 105 tonnasy ýorunja, 3 müň 267 tonnasy meýdan otlarynyň bedesi, 10 müň 101 tonnadan gowragy iri baldakly otlar, 1 müň 337 tonnadan gowragy samandyr. Şeýle-de, mallar üçin arpanyň 59 tonnasy taýýarlanyldy.
Kaşarlaryň 373-si we agyllaryň 113-si gözden geçirildi we olarda gerekli abatlaýyş işleri geçirildi.
Häzirki wagtda maldarçylyk hojalyklarynda dowarlaryň 222,5 müňden gowragy bolup, olaryň 111,2 müňden gowragy ene mallardyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply