TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebaply ýaş suratkeşler döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri boldular

Lebap welaýatynyň mekdep okuwçylarynyň ikisi «Abadan, asuda, Bitarap» Watan atly surat bäsleşiginiň ýeňijisi boldular. Has takygy, bäsleşigiň galam bilen surat çekmek ugry boýunça Türkmenabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Güljan Agamyradowa ikinji, Saýat etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Sülgün Alymjanowa üçünji orna mynasyp boldy.
«Mugallymlar gazeti» neşirinde habar berlişi ýaly, bäsleşigiň döwlet tapgyry Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirildi. Ony Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guradylar. Bäsleşige ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap we şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan çagalar, çeperçilik we çagalar sungat mekdepleriniň çeperçilik bölümlerinde okaýan ýaş suratkeşleriň onlarçasy gatnaşdy.
Bäsleşigiň şertine laýyklykda ýaş suratkeşler reňk we galam bilen surat çekmek boýunça özara bäsleşdiler.
Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine ony guraýjylar tarapyndan diplomlar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply