«ABBA» topary täze aýdymlary goýberer
Şwedleriň «ABBA» pop-topary döredijiligindäki 39 ýyllyk arakesmeden soň bäş sany täze aýdymy goýberer, diýip «lenta.ru» ýazýar.
Täze kompozisiýalaryň 3-nji sentýabrda çykarylmagyna garaşylýar. Şonuň ýaly-da, şu aýda «Abba Voyage» konserti geçiriler. Onda täze aýdymlary aýdarlarmy ýa-da ýok — bu barada hiç zat habar berilmeýär. «Abba Voyage»-niň «Twitter»-däki akkauntuna laýyklykda, konsert 2-nji sentýabrda geçiriler.
«The Sun»-a tomaşaçylaryň öňünde toparyň ähli agzalarynyň çykyş etjekdikleri mälim boldy. Konsert Londonyň gündogarynda ýörite gurlan teatrda bolar.