DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Bu haýwanat bagynda ýolbarslar adamy synlaýarlar

Ilki başda ýabany tebigata syn etmegiň bu usulyny suratçylar üçin oýlap tapdylar, ýöne ol adaty syýahatçylaryň arasynda hem meşhurlyga eýe boldy, diýip, «nat-geo.ru» habar berýär.

Günorta Afrikadaky «GG Conservation» ýolbarslaryň goraghanasy bu haýwanlara has ýakyndan we doly howpsuz ýagdaýda syn etmäge çagyrýar. Munuň üçin adamy ýolbarslaryň köp ýerinde oturdylan içi aýnaly metal kapasa ýerleşdirýärler. Parkda ýolbarslaryň 77-si bar. Olaryň islendigi «iki aýakly eksponatyň» ýanyna gelip bilýär.

Şennonlaryň maşgalasynyň şahsy eýeçiligindäki park Garrismit şäheriniň çäginde ýerleşýär we 1000 gektar meýdany eýeleýär. Maşgala olaryň «hossarlygyndaky ajaýyp ýolbarslary gowy görmek, goramak we saklap galmak» ugrunda alyp barýan işlerine guwanýar. Bu ýerde ilkinji ýolbarslar 2002-nji ýylda peýda bolupdyr. 2015-nji ýylda kompaniýa täjirçilik däl tebigaty goraýan gurama hökmünde bellige alnypdyr. «Kapasadaky adam» attraksionyny bolsa iki ýyl bäri görkezýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: