Türkmenistanyň Baş prokurory bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Serdar Gurbangulyýewiç Mälikgulyýew Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesine bellenildi. Ozal ol Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesinde işläpdi.

Döwlet Baştutanynyň Karary bilen, Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary, Baş müdirligiň müdiri, ýustisiýanyň uly geňeşçisi Begmyrat Meretdurdyýewiç Begmyradow Türkmenistanyň Baş prokurorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector