JEMGYÝET

«Türkmenistan» gazeti döredijilik bäsleşigini yglan etdi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy, şeýle-de hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

«Maşgalanyň abadançylygy — döwletiň berkararlygy» atly bu döredijilik bäsleşigine makalalar we oçerkler hödürlenilip bilner. Bäsleşige gatnaşýanlar ýaş tapawudy ýa-da işleriniň sany boýunça çäklendirilmeýärler. Hödürlenen döredijilik işleri «Maşgalanyň abadançylygy — döwletiň berkararlygy» atly döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen «Türkmenistan» gazetiniňredaksiýasyna (Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany) ýa-da elektron salgysyna (turkmenistan-gazeti@online.tm) ýollamak gerek. Awtorlar redaksiýa ugradýan eserlerine özleri baradaky maglumatlary (işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi) hem goşmalydyrlar. Bäsleşige hödürlenilýän işler şu ýylyň 30-njy noýabryna çenli guramaçylyk topary tarapyndan hasaba alnar.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 39-95-67.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: