YKDYSADYÝET

«Bäherden» sement zawodynda 176,7 göterim ösüş depgini gazanyldy

«Bäherden» sement zawodynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda 94 million 992 müň manatlykdan gowrak ýokary hilli gurluşyk serişdesi bolan sement öndürildi.

Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 176,7 göterim ösüş depgininiň üpjün edilendigini görkezýär. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli bolan bu kärhanada öndürilen dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply sement welaýatlarda gurulýan dürli maksatly desgalarda giňden peýdalanylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: