Saýatda bilim edaralarynyň ýene-de ikisi ulanylmaga berler

Täze okuw ýylynyň ilkinji günlerinde Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň ýaşaýjylaryna täze orta mekdep we çagalar bagy ulanylmaga beriler.

Etrabyň Esgi geňeşliginde 600 orunlyk orta mekdebiň binasynyň gurluşygy şu günler jemleýji tapgyrda dowam edýär. Gurluşygy ýerli hususy kärhana alyp barýar. Täze bilim ojagy etrabyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň sanyny 40-a ýetirer.  Güýzüň ilkinji gününde ulanylmaga beriljek 160 orunlyk çagalar bagy bolsa etrabyň Lebaby geňeşliginde gurulýar. Awgust aýynyň başyna çenli täze binalaryň ikisinde-de gurluşyk işleri doly tamamlanyp, olar zerur enjamlar bilen üpjün edilip başlanar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector