JEMGYÝET

Duşuşyk ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlandy

Lebap welaýatynyň Farap etrabyndaky 9-njy orta mekdepde «Ýollarymyz asuda — durmuşymyz abadan» atly çäre geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň etrap polisiýa bölüminiň ýol hereketiniň howpsuzlygy gullugy bilen bilelikde guran çäresi «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga bagyşlandy.

Onda mekdep okuwçylaryna ýol hereketiniň kadalary, pyýadalardan we sürüjilerden edilýän talaplar barada gürrüň berdiler. Anyk maglumatlara salgylanmak bilen, kadalaryň bozulan ýagdaýynda bolup biläýjek ýagdaýlar barada aýtdylar. Soňra mekdebiň meýdançasynda ýol hereketiniň kadalaryny ýerine ýetirmek boýunça görkezme okuw geçirildi. Onda ýol belgileri goýlup, olaryň näme aňladýandygy düşündirildi we pyýadalaryň özlerini nähili alyp barmalydyklary görkezildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: