JEMGYÝET

Ýolagçy uçarynyň uçarmanlarynyň ikisi hem uçuş döwründe uka gidipdir

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Italiýanyň «ITA Airways» awiakompaniýasynyň uçarmanlarynyň uçuş döwründe uka gidendikleri barada maglumat peýda boldy. Bu «Nýu-Ýork — Rim» ugry boýunça uçuş amala aşyrylýarka, Fransiýayň üstünde bolup geçipdir.

Marseliň dispetçerleri ekipaž bilen habarlaşjak bolup synanyşypdyrlar, ýöne bu başa barmandyr. Şol wagt uçar awtopilotda uçup barýar eken. Ol barmaly aeroportuna sag-aman gonupdyr.

Uçuşy seljerenlerinden soň howa gämisiniň komandirini howpsuzlygyň düzgünlerini bozandygy üçin işden boşadypdyrlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: