TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanly talyp gyz Bütinrussiýa bäsleşiginiň finalyna gatnaşar

Mariý döwlet uniwersitetiniň (MarDU) lukmançylyk institutynyň «Bejeriş işi» hünäri boýunça 4-nji ýyl talyby, türkmenistanly Regina Ergaşewa  «Ýylyň talyby. Lukmanlar» birinji Bütinrussiýa bäsleşiginiň finalyna çykanlaryň sanawyna girdi. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş Konsullygy habar berýär, diýip «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty ýazýar.

Jemleýji tapgyra Russiýanyň sebitleriniň 37-sinden 100 talybyň çykandygyny bellemek gerek. Bäsleşik Russiýanyň Ýaşlar Birleşiginiň we «Russiýa – mümkinçilikler ýurdy» prezident platformasynyň bilelikdäki taslamasy bolan «Ýylyň talyby. Lukmanlar» Russiýa milli baýragynyň çäklerinde guraldy. Oňa Russiýanyň sebitleriniň 40-dan  lukmançylyk ulgamynda aýratyn üstünlik gazanan talyplar gatnaşýarlar.

Bäsleşigiň finaly 2021-nji ýylyň 26-njy noýabryndan 30-njy noýabry aralygynda  Hanty-Mansiý awtonom okrugynda geçirler.

Regina Türkmenabat şäherindäki 11-nji orta mekdebi tamamlady.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: