DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Döwlet Ermitažynda wirtual ogurlyk bolmagynyň öňi alyndy

Döwlet Ermitažy «Görünmeýän ýaýlym» atly birinji sanly sergisini açdy. Onuň işe başlan birinji güni gatnaşyjylaryň biri tasdan bir suraty «alyp gidipdi». Eseri dessine ýerine gaýtardylar, diýip «Российская газета» ýazýar.

Adaty bolmadyk sergä diňe onlaýn görnüşde — saýtda ýa-da smartfonuň goşundysynda syn edip bolýar. Onda nakgaşlaryň original sanly işleri görkezilýär. Myhmanlar galareýada sanly awatarlar hökmünde gezýärler. Şeýle awatarlaryň biri (tötänleýinmi ýa-da ýörite — belli däl) işleriň birini «alyp gitjek» boldy. Netijede biržanyň wirtual diwarynda suratyň duran ýerinde boşluk emele geldi.

Kompýuter hünärmenleri muzeýde synanyşylan wirtual ogrulygyň öňüni wagtynda aldylar. Olar düzgüni bozan awatary sakladylar we eksponaty ýerine goýdular. Dogrusyny aýtsak, ol suraty sanly galareýadan alyp çykyp bilmezdi. Sebäbi onuň daşynda ol öz-özünden ýok bolup giderdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: