«Lebapýolgurluşygyň» edaralarynyň ikisi öz işini bes etdi
Welaýat «Türkmen gündogary» gazetinde çap edilen bildirişde hem görkezilişi ýaly, Lebap welaýat häkimliginiň «Lebapýolgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 8-nji we 22-nji ýol gurluşyk edaralary öz işlerini bes etdi.
Mundan beýläk bu edaralar Lebap welaýat häkimliginiň «Lebapýolgurluşyk» önümçilik birleşigine birikdirildi.
Bu barada neşiriň 2021-nji ýylyň 7-nji ýanwaryndaky sanynda habar berildi.