TÜRKMENISTAN HABARLARY

«Bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak» atly halkara maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) bilen bilelikde «Bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak» atly halkara maslahat gibrid görnüşde geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Maslahata YHG-nyň wekiliýeti, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, şeýle-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Edilen çykyşlarda şu ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçiriljek YHG-nyň agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň XV Sammitiniň Gurama gatnaşyjy-ýurtlaryň arasyndaky bilelikdäki maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen özara gatnaşyklarynda täze sahypany açjakdygy bellenilip geçildi.

Esasy çäreleriň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilen YHG-nyň ýokary derejedäki duşuşygy, agza-ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň mejlisi hem-de işewürlik forumy geçririler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: