Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

«Garagum» myhmanhanasynyň açylyşyna taýýarlyk görülýär

Nov 16, 2021

15-nji noýabrda geçirilen nobatdaky iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow senagat toplumynda we Aşgabat şäherinde alnyp barylýan gurluşyklar hem-de paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde bina edilen kaşaň “Garagum” myhmanhanasynyň we häzirki zaman seýilgähiniň açylyş dabaralaryna görlen taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, täze kaşaň myhmanhana toplumynda daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda ýokary derejeli halkara çäreleri, forumlary geçirmek üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutuldy. Şeýle hem täze seýilgähde adamlaryň oňaýly dynç almagy bilen bir hatarda, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin degişli mümkinçilikler döredildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen özboluşly bir bitewi sazlaşygy emele getiren täze myhmanhananyň açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany bu myhmanhanada halkara ähmiýetli möhüm çäräniň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigini belläp, şolara hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň, myhmanhana toplumynyň we onuň daş-töwereginiň arassaçylygynyň hem-de abadançylygynyň üpjün edilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Adblock
detector