TÜRKMENISTAN HABARLARY

Ankarada dirižýor Rustam Rähmedowyň dolandyrmagynda Türkiýäniň Prezident simfoniki orkestriniň konserti bolar

1-nji oktýabrda Ankarada dirižýor Rustam Rähmedowyň dolandyrmagynda Türkiýäniň Prezident simfoniki orkestriniň konserti bolar, diýip «turkmenportal.com» ýazýar.

Rähmedow üçin ilkinji konsertde Türkiýäniň baýry orkestri «Hermanos» topary bilen bilelikde latyn sazynyň ajaýyp eserlerini ýerine ýetirer, diýip respublikanyň medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Rustam Rähmedow klassyky we jaz pianinoçysy, kompozitor, dirižýor, mugallym. Ol Aşgabatda doguldy. Türkmen milli konserwatoriýasynyň uçurymy. Birnäçe abraýly saz bäsleşikleriniň ýeňijisi. Solist hökmünde ABŞ-niň, Russiýanyň, Ermenistanyň, Ukrainanyň, Ysraýylyň. Türkiýäniň zallarynda çykyş etdi, dünýä meşhur sazandalar we dirižýorlar bilen işleşdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: