Türkmenistandan Türkiýä uçmak arzan boldy
Türkiýäniň «Türk howa ýollary» awiakompaniýasy Türkmenistan ugurly uçuşlarda biletleriň bahasynda ýene arzanladyş yglan edendigi barada «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnaly habar berýär. Onda «Türkmenbaşy — Stambul — Türkmenbaşy» ugry boýunça amala aşyrylýan uçuşlara biletleriň bahalarynyň arzanladylandygy aýdylar.
Täze nyrhnama görä, «Türkmenbaşy — Stambul — Türkmenbaşy» ugurly uçuşlarynda biletleriň iki tarapynyň iň pes bahasy 350 dollardan başlaýar. Soňky birnäçe aýyň dowamynda Türkiýe-Türkmenistan ugurly biletleriň bahasy birnäçe gezek arzanladyldy. Birnäçe aý mundan ozal diňe bir taraplaýyn uçar biletleriň bahasy 700 dollardan başlaýardy.
Häzirki döwürde «Stambul — Aşgabat — Stambul» ugruna biletleriň iki taraplaýyn bahasynyň häzirlikçe 605 amerikan dollaryndan başlanýar.