JEMGYÝET

2020-nji ýylyň iň meşhur gizlin sözi

Gizlin sözler boýunça iş alyp barýan «NordPass» kompaniýasy 2020-nji ýylyň Internetdäki iň meşhur, şol bir wagtyň özünde-de gizlin sözleriniň 200-sinden ybarat sanawy düzdi.
Geçen ýyllarda ygtybarly däldigi barada duýduryş berlen hem bolsa, 2020-nji ýylda hem 23 million adam «123456» gizlin sözünden peýdalanypdyr. Aýdylyşyna görä, bu gizlin sözi döwmek üçin bir sekuntdan hem az wagt gerek.
Iň ygtybarsyz gizlin sözleriň ilkinji bäşligine «123456789», «picturel», «parol» we «12345678» ýaly «gizlinlikler» hem girýär.
Şeýle hem Internet ulanyjylaryň aglaba bölegi belli bir atlary, garyşyk harplary, azyk-owkatlara, sporta degişli sözleri gizlin söz hökmünde ulanýarlar. Elebtde, sada gizlin söz olaryň ýadynda galýar. Ýöne bu hakerleriň hem işini has ýeňilleşdirýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply