JEMGYÝET

«Ynamdar» Türkmenabatda-da işläp başlady

«Ynamdar» onlaýn marketi indi Türkmenabat şäherinde hem hyzmat berip başlady. Şäherde bu marketiň «Ynamdar Türkmenabat» atly şahamçasy açyldy.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň ähli sebitlerinde «Ynamdaryň» söwda gurşawy emele geldi. Häzirki wagtda on müňlerçe müşderisi bolan bu market ýurtda iň çalt hyzmat edýän we hyzmatlaryny ýokary derejede guraýan onlaýn söwda merkezleriniň biridir

Onlaýn marketiň wekilleri Lebap welaýatynyň merkezi şäheriniň ýaşaýjylaryna mahabat bukjalaryny paýlap çykdylar. Olarda «Ynamdaryň» android we ios programmalary we resmi web saýty arkaly hyzmat edýändigi habar berilýär. Şeýle hem 150 manatlyk sargyt eden müşderilere eltip bermek hyzmatynyň mugt amala aşyrylýandygy ýazylýar. Öýlerine çenli getirilip berlen harytlar üçin müşderiler nagt ýa-da nagt däl hasaplaşygyň ikisinden birini saýlap bilerler.

Ýeri gelende aýtsak, onlaýn market Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylaryny höweslendirmek üçin ilkinji 2 müň müşderä 180 gramlyk «Nutella» süýjüligini sowgat edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: