JEMGYÝET

Üstaşyr ýolagçy gatnawlary ýola goýuldy

Türkmenabadyň halkara howa menzili resmi saýtynda Türkmenabat we kerki şäherlerini ýurduň beýleki şäherleri bilen birikdirýän üstaşyr uçar gatnawlarynyň ýola goýlandygyny habar berdi.

Has takygy, «Türkmenistan awiakompaniýasy» açyk görnüşi paýdarlar jemgyýeti Türkmenabat ― Aşgabat ― Türkmenbaşy, Türkmenbaşy ― Aşgabat ― Türkmenabat, Türkmenabat ― Aşgabat ― Daşoguz, Daşoguz ― Aşgabat ― Türkmenabat, Kerki ― Aşgabat ― Türkmenbaşy, Türkmenbaşy ― Aşgabat ― Kerki, Kerki ― Aşgabat ― Daşoguz, Daşoguz ― Aşgabat ―Kerki ugurlary boýunça üstaşyr uçuş hyzmatlaryny ýola goýdy.

Bu gatnawlar barada doly maglumat almak üçin +993422-9-46-00, +993422-9-47-00, +993444-2-59-99 we +993444-2-59-98 belgili telefonlara jaň edip bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: