JEMGYÝET

Türkmenistanda «Arkadagly ýaşlar» elektron  žurnalynyň birinji sany çapdan çykdy

Türkmenistanda ýaşlar üçin täze elektron žurnal çap edilip başlandy. «Arkadagly ýaşlar» diýlip atlandyrylan žurnalyň birinji sany eýýäm okyjylara ýetirildi. Onuň esaslandyryjysy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasydyr.

Onuň birinji sany neşiriň baş redaktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Döwletgeldi Durdymuhammedowyň makalasy bilen başlanýar. Okyjylar onda ýaşlaryň durmuşyna degişli makalalar, türkmen şahyrlarynyň we ýazyjylarynyň goşgulary, hekaýalary, söhbetdeşlikleri, peýdaly maslahatlary we beýlekileri okap bilerler.

Žurnaldaky materiallar üç: türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilýär.

Elektron žurnaly bilen www.yashlar.gov.tm saýtynda tanşyp bolýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: