YKDYSADYÝET

Türkmenistanda ýene bir täze gaz ýatagy ulanyşa girizildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň ulanyşyndaky gaz ýataklarynyň sanawynyň üsti «Agarguýy» ýatagy bilen ýetirildi. Ýakynda bu ýerde iki sany guýy burawlanylyp, olardan gymmatly uglewodorod akymy alyndy. Bu barada «oilgas.gov.tm» saýty ýazýar.

«Malaý» iri gaz käniniň golaýyndaky geljegi uly meýdançada ýerleşen guýularyň buraw işlerini «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň burawçylary ýerine ýetirdiler. Ony senagat taýdan özleşdirmek bilen bagly işleri «Türkmengaz» DK-nyň «Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň hünärmenleri durmuşa geçirdiler.

Häzirki wagtda «Agarguýy» ýatagyndan Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisine her günde 300 müň kub metrden gowrak tebigy gaz iberilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: