YKDYSADYÝET

Lebapda gowaça ekişi tamamlandy

Lebap welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ekişi üstünlikli tamamlandy. Lebaply babadaýhanlar 2023-nji ýylda 130 müň gektar meýdanda gowaçanyň 12 müň tonnadan gowrak bereketli tohumyny ekdiler.

Ekerançylyk meýdanlarynyň agramly böleginde gowaçanyň «Ýolöten-7», «Ýolöten-39», «S-2606» ýaly görnüşleri ekildi. Saýat etrabynda bolsa 150 gektara golaý ýerde «Ýolöten-50», «Ýolöten-53» ýaly gowaçanyň täze görnüşleri ilkinji gezek önümçilige girizildi. Saýat ylmy-önümçilik synag hojalygynyň meýdanlarynda şu möwsümde gowaçanyň «Garaşsyzlyk-30» görnüşi hem synag üçin ekildi. Gowaça ekişiniň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmegi üçin tehnikalaryň 441-si ulanyldy.

Gowaça ekişinde «Monosem» kompaniýasynyň gowaça ekijileri hem peýdalanyldy. Şu günlerde gowaça bejergisi gyzgalaňly dowam edýär, bu işde ABŞ-nyň «Ortman-8375» kysymly bir wagtyň özünde hem dökün berýän, hem topragy ýumşadýan enjamlarynyň ulanylmagy bejerginiň ýokary hilli geçirilmegini üpjün edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: