Köneürgenç etrabyndaky pagta egriji kärhana önümini eksport etdi

Köneürgenç etrabyndaky pagta egriji kärhanasynda öndürilýän ýokary hilli pagta ýüplügi ilkinji gezek Hytaýa eksport edildi.  Bu barada «Daşoguz habarlary» gazeti habar berýär.

Kärhana ýylda 6 müň tonna ýokary hilli pagta ýüplügini öndürmäge niýetlenen. Tehnologiki düzüm awtomatlaşdyrylan we doly kompýuter ulgamy arkaly dolandyrylýar. Ýüplük öndüriji enjamlaryň altysynyň ygtybarly ulanylmagy, şonça-da daraýjy mehanizmleriň we beýleki ýöriteleşdirilen enjamlaryň netijeli işledilmegi önümçiligiň ýokarlanmagyna oňyn täsir edýär. Bu iri kärhanada ýüplügiň «Ring» görnüşiniň uly göwrümi çykarylýar. Ol hem içerki we dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýar.

Adblock
detector