JEMGYÝET

KamAZ-yň gurluşygyna başlananyndan bäri 52 ýyl geçdi

13-nji dekabrda Naberežnyýe Çelny şäherinde «KamAZ» zawodynyň gurlup başlananyna 52 ýyl doldy. Bu barada kärhananyň metbugat gullugy habar berýär, diýip, «Известия» ýazýar.

«1969-njy ýylyň 13-nji dekabrynda geljekki «KamAZ»-yň gurluşyk meýdanyndan topragyň ilkinji susagy alyndy. Şu sene awtogigantyň doglan güni diýip hasaplanylýar» diýip, habarda aýdylýar.

Zawodyň örän gysga möhletlerde gurlandygy bellenilýär. «KamAZ» öziniň taryhyny alyp gaýdan gününden zawodyň birinji tapgyrynyň işe girizilenine çenli ýedi ýyl geçdi. Göz öňünde tutulan önümçilik binalarynyň hemmesiniň gurluşygynyň tamamlanmagy üçin ýene dört ýyl gerek boldy.

Zawodyň önümleri Türkmenistanda giňden ulanylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: