Lebaply telekeçiler 24 müň 831 tonnadan geçirip, oba hojalyk önümlerini öndürdiler

Lebap welaýatynyň telekeçileri ýylyň başyndan bäri 24 müň 831 tonna gowrak gök, bakja we beýleki oba hojalyk önümlerininiň hasylyny ýetişdirdiler.

Şeýlelikde, olar daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge saldamly goşant goşdular. Alnan hasylyň 5 müň 297 tonnadan gowragy ýyladyşhanalarda ýetişdirildi. Ýygnalan ýeralma bolsa 4 müň 102 tonna barabar boldy.

Gaplanan önümler bolsa 1 million 55,5 müň şertli bankadan geçdi. Olar miwe, gök, et we balyk konserwalarydyr. 641 müň dekalitre ýakyn alkogolsyz içgiler nokatlaryna ugradyldy.

Adblock
detector