YKDYSADYÝET

Türkmenistanda galla oragyna taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda güýzlük bugdaýy ormaga taýýarlyk görülýär. Öňde duran möwsüme çenli galla kabul ediş bölümleriniň 154-si doly taýýar ediler. Şu ýyl galla oragy möwsüminde ýurt boýunça jemi 2 müň 64 sany däne ýygýan kombaýnlary işletmek meýilleşdirilýär. Olary mehanizatorlaryň 4 müň 47-si iki çalşykda işleder. Möwsümde işlediljek kombaýnlaryň ýanynda sazlaýjy we abatlaýjy mehaniklerden ybarat bolan 453 topar döredildi. Olar zerur enjamlar, awtoulaglar we beýleki tehnikalar bilen üpjün edildi.

Ýygnalan gallany kabul ediş bölümlerine, elewatorlara we ammarlara bökdençsiz daşamak üçin awtoulaglaryň 9 müň 817-sini ulanmak meýilleşdirilýär. Meýdan düşelgelerinde gallaçylaryň göwnejaý dynç almaklary üçin ähli şertler döredilýär, göçme söwdalar guralar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen anna güni geçirilen mejlisinde habar berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: