YKDYSADYÝET

Türkmenistanda uglewodorod serişdelerini gazyp almagyň we gaýtadan işlemegiň meýilnamasy artygy bilen ýerine ýetirildi

Türkmenistanda uglewodorod serişdelerini gazyp almagyň we gaýtadan işlemegiň meýilnamasy artygy bilen ýerine ýetirildi. Mysal üçin, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasynyň 100,7 göterim ýerine ýetirilendigi barada hasabat berildi. Ýarym ýylda nebitgaz kondensaty bilen üpjün etmegiň meýilnamasynyň 111,5 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasynyň 112,1 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasynyň 132,9 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasynyň 115,9 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasynyň 153,7 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasynyň 105,4 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasynyň 118,6 göterim ýerine ýetirildi.

Alty aýyň dowamynda tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 112,3 göterim, “mawy ýangyjy” eksport etmegiň meýilnamasy 122,4 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, maýa goýumlary özleşdirmegiň ösüşi 161,8 göterime deň boldy.

Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow 8-nji iýulda geçirilen hökümet maslahatynda hasabat berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: