YKDYSADYÝET

Täze ýyly joşgunly zähmet bilen başladylar

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Çeper» fabriginiň işgärleri täze ýyly joşgunly zähmet bilen başladylar, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» ýazýar.

Bu kärhana geçen ýyl 17 milliondan gowrak manatlyk önüm öndürip, ýurdumyzyň sarp ediş bazaryny ýokary hilli tikin önümleri bilen üpjün etmäge möhüm goşant goşýan ykdysady taýdan durnukly öndüriji hökmünde abraýa eýe boldy.

Daşoguzyň «Çeper» fabriginiň senetçileri her ýyl onlarça görnüşli geýim-gejim, ýorgan-düşek we hojalyk dokma önümlerini öndürýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: