YKDYSADYÝET

Türkmenistanda ýetişdirilen pomidorlar eksport edilýär

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Talhanbazar geňeşliginiň çäginde  ýerleşýän «Bäş nur» hojalyk jemgyýetiniň  ýyladyşhanasynda pomidor ýetişdirilýär.

Üç gektar meýdany eýeleýän hususyýetçi Rüsdem Bäşimowa degişli bolan bu ýyladyşhanada Ispaniýa, Gollandiýa, Italiýa ýaly ýurtlaryň baý tejribesi ulanylyp, Türkiýede öndürilen  enjamlar işledilýär. Ýyladyşhanada pomidorlar topraksyz görnüşde, ýagny,  kokos gabygynyň gyryndysynda ýetişdirilýär. Ýyladyşhanada esasan «Bandites» görnüşli pomidor ýetişdirilýär. Nahallaryň her biri ortaça 10-15 kilogram hasyl berýär. 

Her önümçilik ýylynda 600 tonnadan gowurak hasyl alýan «Bäş nuruň» pomidorlary içerki bazarlar bilen bir hatarda Russiýa Federasiýasyna, Gazagystana, Gyrgyzystana eksport edilýär.

Ýyladyşhanada 50-ä golaý işçi hünärmen zähmet çekýär. Önümçiligiň aglaba bölegi awtomatiki usulda dolandyrylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: