JEMGYÝET

Türkmenistanda indiki ýylyň başyndan aýlyk haklarynyň möçberi köpeldiler

2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» Permana gol çekdi. Oňa laýyklykda, indiki ýylyň başynda tölegleriň möçberi köpeldiler.

Şonuň ýaly-da, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberi 1880 manat, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberi 550 manat möçberde bellenildi.

Türkmenistanda pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 450 manat. döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 430 manat möçberlerde bellenildi. Perman bilen Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakyny 1160 manat möçberde bellemek kesgitlenildi. Ony aýlyk zähmet haklaryny düzgünleşdirmek üçin ulanmak görkezildi.

Resminama bilen döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy, kazyýet edaralarynyň, gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriniň, şeýle-de olaryň esasy gurluş birlikleriniň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberleri hem tassyklanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: