«Kökçi» şu ýyl 47,5 müň akkumulýator öndürdi
«Kökçi» hojalyk jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda hem ýokary hilli akkumulýatorlaryň 47 müň 570-si öndürildi. Şeýle-de degişli döwürde akkumulýatorlaryň 9 müň 250-si eksporta ugradyldy.
Türkmenistanda akkumulýator öndürmek bilen meşgullanýan «Kökçi» hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylda işe başlapdy. Türkiýäniň, Ýaponiýanyň, Hytaýyň we Hindistanyň döwrebap enjamlary ornaşdyrylan «Kökçiniň» önümçilik bölümlerinde ýeňil we ýük awtoulaglary üçin ýokary hilli «Kuwwat», «Ýyldyrym», «TM Power» haryt nyşanly akkumulýatorlaryň her günde 300-350 sanysy öndürilýär.
Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodyndan alynýan önümler we arassalanylan suw önümçilikde esasy çig mal bolup hyzmat edýär. Akkumulýator önümçiliginde işçi-hünärmenleriň 80-den gowragy zähmet çekýär.