JEMGYÝETYKDYSADYÝETYLYM WE TEHNIKA

Türkmenistanda täze aeroportyň gurluşygy dowam edýär

Lebap welaýatynyň Kerki şäheriniň aeroportynyň uçuş-gonuş zolagynda we uçarlaryň durjak meýdançalarynda betonlamak işi tamamlandy.
Bu möhüm gurluşygy «Gündogdy» hususy kärhanasynyň hünärmenleri alyp barýarlar. Onuň uçuş-gonuş zolagynyň uzynlygy iki müň ýedi ýüz metre, ini altmyş metre barabar. Uçarlardan başga-da, howa menzilinde dikuçarlar üçin hem dört sany meýdança gurulýar. Uçuşlary dolandyrmak üçin beýikligi otuz metr boljak diň galdyrylar. Ýolagçylar üçin niýetlenen jaý, kömekçi binalar, ýolagçylaryň we howa menziliniň işgärleri üçin ýeňil ulaglaryň duralgasy, awtobus duralgasy, ýangyç guýujy bölüm, içimlik we beýleki niýetler üçin ulanyljak suw üpjünçilik ulgamy we beýlekiler hem gurlar.
Häzir bu ýerde işleriň agramly bölegi tamamlandy. Howa menziliniň dolandyryş binalary hem taýýar bolup barýar.
Howa menzilini 2021-nji ýylyň aprel aýynda ulanylmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar. Onuň işe girizilmegi bilen Lebap welaýatynyň günorta-gündogar sebitini ýurduň paýtagty we ähli welaýatlary bilen göni baglaşdyrar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply