JEMGYÝET

Indi onlaýn petekleri döwlet hyzmatlary portalyndan hem satyn alyp bolýar

Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary indi ýerli gatnawlar üçin uçar peteklerini Türkmenistanyň Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portalyndan (e.gov.tm) hem onlaýn görnüşde satyn alyp bilerler.

Munuň üçin portala girip, «Transport, logistika we gümrük gullugy» bölümini saýlamaly. Bu bölümde hödürlenilýän hyzmatlaryň arasyndan hem «Türkmenhowaýollaryndan» petek almak» hyzmatyny saýlamak arkaly onlaýn satyn alyş işini aňsatlyk bilen amala aşyryp bolýar. Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portalynyň «Android» we «iOS» goşundylary hem bar.

Täze hyzmat ugry bilen ýurdumyzyň welaýatlarynyň merkezi şäherlerine «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň ýerine ýetirýän uçar gatnawlary üçin petekleri alyp bolar. Olar Aşgabat, Daşoguz, Kerki, Mary, Türkmenabat we Türkmenbaşy ugurlaryny öz içine alýar.

«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan işlenilip düzülen bu internet hyzmatlar portaly arkaly dürli tölegleri tölemek mümkinçiligi hem bardyr. Şeýle-de bu ýerde döwlet edaralaryna ýüz tutmak üçin peýdaly maglumatlar hem ýerleşdirilendir. Portalyň iş çygry yzygiderli giňeldilýär.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: