JEMGYÝET

Saýatda pagtaçylaryň arasynda medeni çäre geçirildi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat etrap birleşmesi etrabyň medeniýet we söwda işgärleriniň gatnaşmaklarynda «Awçy» daýhan birleşiginiň 3-nji kärendeçiler toparynyň ekin meýdanynda aýdym-sazly dabara gurady.

Günortan arakesmede, naz-nygmatly desterhanyň başyna ýygnanan kärendeçileriň, pagta ýygýan kombaýnlaryň mehanizatorlarynyň we hasyly daşaýan sürüjileriň öňünde etrabyň medeniýet işgärleri çykyş etdiler. Söwda işgärleri bolsa zähmet adamlary üçin gündelik sarp edilýän harytlaryň söwdasyny guradylar. Pagtaçylar üçin gazet-žurnallaryň täze sanlary, täze neşir edilen kitaplar bilen tanyşmaga hem mümkinçilik döredildi.

Ýeri gelende Babamyrat Çaryýew tarapyndan baştutanlyk edilýän 3-nji toparda ussat daýhanlaryň jemlenendigini bellemek ýerlikli bolar. Olaryň arasynda Bäşim Çaryýew, Maýsa Jumaýewa dagy hem bar. Bu tejribeli ýer eýeleri her gektaryň hasyllylygyny 70 sentnerden aşyrmagyň hötdesinden geldiler. Munuň özi meýilnamada bellenilenden iki essä golaý artykdyr. Toparda tejribeli daýhanlar başga-da az däl. Şonuň netijesinde Watan harmanyna tabşyrylýan gymmatly çig malyň möçberi barha artýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: