JEMGYÝET

Türkmenabatda baýramçylyk dabarasy geçirildi

Ýakynda welaýat häkimligi tarapyndan Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň toý dabaralary merkezinde Täze ýyl baýramy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi.

Alyp baryjylaryň yglan etmegi bilen baýramçylyk dabarasyna badalga berildi. Welaýatyň iň görnükli sungat ussatlary bezemen sahnada gezekli-gezegine çykyş etmäge başladylar. Konsertde türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleri ýerine ýetirildi. Meşhur we täze aýdymlaryň welaýatymyzyň tans toparlary tarapyndan goýlan tanslar bilen bezelmegi diňleýjilere edýän täsirini has artdyrdy. Elbetde, üstünliklere beslenen 2023-nji ýyl ýerine ýetirilen eserleriň süňňüni düzen umumylyk boldy.

Iki ýylyň sepgidindäki baýramçylyk dabaralary şu günler welaýatyň ähli etrap-şäherlerinde yzygiderli geçirilýär. Baş arçanyň ýany bolsa hemişe köp adamly. Türkmenabatlylar we şäheriň myhmanlary bu ýerde maşgala bolup gezelenç edýärler we ýürege ýakyn baýramçylykdan ýadygärlik galdyrmak üçin surata düşýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: