Türkmenistanda kitaphanalaryň bir bitewi elektron ulgamyny döretmek dowam edýär

Aug 4, 2020

Lebap welaýat kitaphanasynyň gaznasyndaky kitaplary bir bitewi elektron ulgamyna ýüklemek boýunça işler alnyp barylýar.
Häzire çenli 17 müň 895 kitap bu ulgama ýüklenildi. Kitaphananyň gaznasynda 302 müň 300-den gowrak kitabyň bardygyny göz öňünde tutsak, bu ugurda meýilleşdirilen işleriň ýarymdan gowragynyň ýerine ýetirilendigini göreris.
Kitaphanada bar bolan neşirleriň üsti hem yzygiderli doldurylyp durulýar. Diňe şu ýylyň dowamynda «Galkynyş» kitap merkezinden 350-den gowrak kitap gelip gowuşdy.
Bu ýerde ýylyň başyndan bäri 55 müň 610 gowrak okyja hyzmat edildi. Diňe iýul aýynda täze ýazylan okyjylaryň sany bolsa 240-a ýakynlady.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: