YKDYSADYÝET

Türkmenistanda senagat we gurluşyk görkezijileri ýokarlanýar

Geçen ýedi aýda gurluşyk-senagat toplumynda öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 152,5 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 114,7 göterim amal edildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasyny 167,7 göterim ýerine ýetirdi. Energetika ministrligi boýunça ýylyň başyndan bäri öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 128,4 göterim berjaý edildi.

Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 112,8 göterime, daşary ýurtlara iberilen elektrik energiýasynyň ösüş depgini bolsa 141,3 göterime barabar boldy. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan hasabat döwründe önüm öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 181,1 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 100,9 göterim amal edildi. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň meýilnamasy 120,3 göterim berjaý edildi.

Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow hökümetiň 12-nji awgustda geçirilen göçme mejlisinde hasabat berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: