BILIM

Çagalar baglarynyň müdirleri hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçdiler

Türkmenistanyň Milli bilim institutynda pedagogika işgärleri üçin hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary geçirildi. Onda Aşgabat şäherinden we welaýatlardan gelen çagalar baglarynyň müdirleri okadylar.

Olaryň öňlerinde Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň degişli bölümleriniň müdirleri çykyş etdiler. Okuwlary häzriki zaman pedagogikasynyň wajyp meselelerine bagyşladylar. Çykyşlar okuw-terbiýeçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, mekdebe çenli terbiýe we başlangyç bilim boýunça döwlet maksatnamalarynyň we konsepsiýalaryny durmuşa geçirmegiň meselelerine we beýlekilere bagyşlandy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: