JEMGYÝET

Çagalar Aziýa halkalarynyň ertekileri bilen tanyşdylar  

«Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň bagtyýar ýaşlary Lebap welaýat çagalar kitaphanasynda myhmançylykda boldular. Kitaphana işgärleri bu gezek çagalary golaýda täze gelip gowşan kitaplar bilen tanyşdyrdylar, diýip «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär..

Olaryň arasynda kitaphana Koreýa Respublikasynyň ilçihanasy tarapyndan sowgat berilen dürli dillere terjime edilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň ertekilerini öz içine alýan kitaplar hem bar. Çagalar täze kitaplar bilen ýakyndan tanşyp, olaryň many-mazmuny barada gysgaça maglumatlary aldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: