YKDYSADYÝET

«Guwlyduz» kärhanasy ilaty ýodlaşdyrylan duz bilen üpjün edýär

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän «Guwlyduz» kärhanasynda geçen ýyl senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin 96 müň 480 tonna duz ýygnaldy. Şonda meýilnama 103,7 göterim berjaý edildi.

Netijede 85 müň 760 tonna duz öndürildi. Bu meýilnamada görkezileninden 4 müň 760 tonna köpdür. Ýylyň dowamynda 31 müň 432 tonna töweregi nahar duzy gaplanyldy. Onuň 11 müň 430 tonnasy meýilnamadan artyk öndürildi.

Kärhana Türkmenistanyň ilatyny ýodlaşdyrylan, halk hojalygynyň pudagyny bolsa tehniki duz bilen üpjün edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: