YKDYSADYÝET

Himiýa zawodynda 61 müň tonna dökün öndürildi

Türkmenabat şäheriniň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda şu ýylyň geçen ýanwar-mart aýlarynda kärhana boýunça fosforly dökünleriň 61 müň tonnasy öndürildi.

Bu bolsa iş meýilnamasynyň 106 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgininiň 115 göterime barabar bolandygyny görkezýär.

Şeýle-de bu döwürde kükürt kislotasynyň hem 23 müň 200 tonnasy taýýarlanyldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli artykdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: