YKDYSADYÝET

Saýat etrabynda ýazlyk ýeralma hem-de gök-bakja ekinlerine ideg edilýär

Şu günler Lebap welaýatynda ýazlyk ýeralmanyň hem-de gök-bakja ekinleriniň ekilen 5625 gektar meýdanynda ideg etmek işleriniň depgini barha ýokarlandyrylýar, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Azyklyk önümleriň öndürilmegine Saýat etrabynyň zähmetkeşleri hem uly goşant goşýarlar. Şu ýyl etrabyň çäginde ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri üçin 710 gektar, güýzlük ýeralma we gök-bakja ekinleri üçin 1160 gektar meýdan bölünip berildi. Şu günlerde azyklyk ekinlere gowy garaşyk ýola goýuldy. Olaryň esasy görnüşleriniň biri bolan ýeralma 200 gektar meýdany tutýar. Ýeralmany ösdürip ýetişdirmek işi bilen S.A.Nyýazow adyndaky, «Azatlyk», «Bereket» daýhan birleşikleriniň daýhanlary meşgullanýarlar. Etrap häkimliginiň oba hojalygynda özgertmeler we döwrebap usullary ornaşdyrmak bölüminiň müdiri Töre Joraýew tejribeli daýhanlaryň ýeralmanyň ekilen her gektar meýdanyndan 140 sentner hasyly almak üçin tutanýerli zähmet çekýändiklerini aýdýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: