Türkmenistanda öňüni alyş çäreleri güýçlendirilýär
Ilatyň saglygyny goramak maksady bilen, Türkmenistanda öňüni alyş çäreleri güýçlendirilýär. Ýurtda ozal yglan edilen käbir çäreleriň möhleti uzaldyldy.
«Türkmendemirýollary» agentligi mundan ozal 16 ― 23-nji iýul aralygynda otly gatnawlarynyň ýatyrylýandygyny habar beripdi. Indi bolsa agentlik öz resmi saýtynda bu çäklendirmäniň 31-nji iýula çenli dowam etjekdigini habar berdi.
Türkmenistanyň müftiligi mundan birnäçe gün ýurduň çägindäki metjitleriň 31-nji iýula çenli wagtlaýyn ýapylýandygyny aýdypdy. Bu habar täzelenip, metjitleriň işindäki çäklendirme 31-nji awgusta çenli uzaldyldy.
Şeýle hem Türkmenistanda restoranlaryň, garbanyşhanalaryň öz işini 31-nji iýula çenli wagtlaýyn togtadýandygyny dykgatyňyza ýetirýäris.
Häzir ýurduň ähli ýerlerinde raýatlara agyz-burun örtügini dakynmak we aralygy 2 metre çenli saklamak maslahat berilýär.