Täjigistanyň milli ýygyndysy Olimpiýa şäherçesindäki «Türgenler» myhmanhanasynda ýerleşdirildi
Täjigistanyň Kuraş federasiýasynyň guramaçylyk bölüminiň hünärmeni Şamsiýa Saidowa Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Farap gümrük nokady arkaly türkmen topragyna gelen pursadyndan, gyzgyn myhmansöýerlik bilen garşylanandyklaryny gürrüň berdi. Bu barada ol «Jeýhun.news»-yň habarçysy bilen pikirlerini şeýle sözler bilen paýlaşdy:
«Şu gün biziň türgenlerimiz Özbegistanyň serhedinden Türkmenistana geçen wagtynda uzak ýoly geçendiklerine we ýarygijedigine garamazdan, özlerini örän bagtyýar duýdular. Türkmen topragyna gadam goýan dessimize surata düşdük. Bu biziň begenjimizden nyşan. Çünki ajaýyp toprakda bizi örän uly myhmansöýerlik duýgulary bilen garşyladylar. Şonda tä Aşgabada çenli biz iň ýakymly duýgular bilen bardyk. Ajaýyp Aşgabatda bolsa duýgularymyz ozalkysyndan hem iki esse gözelleşdi. Şeýle owadan şäherde geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşmak diýseň ýakymly duýgy. Çäksiz uly myhmansöýerlik we çempionatyň ýokary derejedäki guramaçylygy üçin türkmen tarapyna, ilkinji nobatda bolsa Gahryman Arkadaga we hormatly Prezidente tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin».
Täjigistanyň milli ýygyndysy Olimpiýa şäherçesindäki «Türgenler» myhmanhanasynda ýerleşdirildi.