YKDYSADYÝET

Önümlere isleg ýokary

«Türkmendemirbetonönümleri» önümçilik birleşiginiň Türkmenabat şäherindäki kärhanasynda şu ýylyň alty aýynda göz öňünde tutulanyndan 658 kub metr demir-beton önümleri artyk öndürdi.
Kärhananyň önümleri, esasan, jaý gurluşygynda ulanylýar. Bu ýerde her gün 185 kub metr demir-beton önümleri öndürilýär. Kärhanada Germaniýa, Italiýa, Türkiýe ýaly ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalaryndan getirilen tehnologiýalaryň ulanylmagy çykarylýan önümiň hiliniň ýokary bolmagyny şertlendirýär.
Türkmenabatdaky bu kärhananyň işläp başlanyna 50 ýyl boldy. Onuň önümlerinden welaýat merkezinde we onuň çäklerinden daşarlarda önümçilik maksatly we ýaşaýyş jaýlarynyň müňlerçesi galdyryldy. Häzir Türkmenabat halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda gurluşygyna badalga berlen 40 sany ýaşaýyş jaýynyň bina edilmeginde kärhananyň önümleriniň paýy bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply