Merkezi Aziýa howa maglumatlarynyň habar beriş platforamsy işe girizildi
Sebitiň ähli ýurtlary: Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan barada howa maglumatlaryny birleşdirýän Merkezi Aziýa sanly maglumat binýadyna (MASMB) howa maglumaty platformasy işläp başlady, diýip «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty ýazýar.
Bu özboluşly intellektual meýdançany Merkezi Aziýa Sebit ekologiýa merkeziniň (MADEM) tabşyrygy boýunça gurak sebitlerde oba hojalyk barlaglary Halkara merkezi (ICARDA) taýýarlady. Merkezi Aziýa howa maglumat meýdançasy şu ýylyň maýynda işe girizildi.
MASMB maglumatlar barlagdan geçen akademiki çeşmelerden alnyp, ol tutuş dünýä üçin açykdyr. Onda energetika, suw serişdeleri, oba hojalygy, saglyk, howanyň üýtgemegi bilen bagly heläkçilikler barada 1900-den gowrak ylmy we ylmy-populýar makalalar bar. Özi hem onuň maglumatlary yzygiderli täzelenýär we amaly, ylmy we bilim maksatlary üçin ulanylyp bilner.
Merkezi Aziýa ýurtlary halkara guramalarynyň goldamagynda energetika we ulag ýa-da ylym we bilim ýaly wajyp ugurlarda döredilip bilnerdi.