TÜRKMENISTAN HABARLARY

Farap etrabynda gurulýan «Çagalar dünýäsi» seýilgähinde tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar

Lebap welaýatynyň Farap etrabynda gurulýan «Çagalar dünýäsi» seýilgähinde işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Häzir umumy gurluşyk işleriniň 80 göterime golaýy tamamlandy.
Döwrebap seýilgäh şu ýylyň iýun aýynda ― Lebap welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligi mynasybetli açylyp, ulanylmaga berler.
Seýilgäh 2016-njy ýylyň jemleri boýunça Farap etrabynyň «Ýylyň iň gowy etraby» diýlip yglan edilende Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan berlen ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragynyň hasabyna gurulýar. Farap, häzirlikçe, Lebap wealýatynda bu derejä mynasyp bolan ýeke-täk etrapdyr.
Täze seýilgähiň baş potratçysy Türkmenabadyň «Demirbetonönümleri» kärhanasydyr. «Jemşidiň jamy» hususy kärhanasy bolsa, bu gurluşyga kömekçi potratçy hökmünde gatnaşýar.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply