DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Tizlikde «iPhone 13»-i görkezerler

Sişenbe güni, 14-nji sentýabrda, «Apple» resmi taýdan «iPhone 13»-i, şonuň ýaly-da, «AirPods 3»-i we «Apple Watch Series 7»-ni görkezer. Täze gajetler satuwa bir aýyň dowamynda çykarylar, ýöne käbir dükanlar eýýäm oňa salgylanmalary taýýarlaýarlar. Bu barada «mail.ru» ýazýar.

«iPhone 13» ak, gara, mawy, goýy gyzyl, gyzyl we gülgün reňklerde peýda bolar. Pro-görnüşleri gara, kümüşsöw, altynsöw we bürünçsöw reňklerinde bolar. Gragit we «ýuwaş umman mawy» reňkleri bolmaz.

Ýady barada aýdylanda bolsa, «iPhone 13» we «iPhone 13 mini» 64 GB ýa-da 128 GB oturdylan ýat (256 GB-li modeli bolmaz), «iPhone 13 Pro» we «iPhone 13 Pro Max»  bolsa ozalkysy ýaly, 128 GB, 25 GB we 512 Gb teklip ediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: