TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna onlaýn tertipde gatnaşdy. Bu maslahat şu gün HHR-iň paýtagty Pekin şäherinde öz işine başlady, diýip «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

«Durnukly ulag, durnukly ösüş» atly utgaşykly tertipde geçirilýän forum ählumumy möçberde durnukly ulagyň ösdürilmegine täze kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendir. Munuň özi BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň maksatlaryna ýetmek üçin aýratyn ähmiýete eýedir.

Şu gezekki Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahata gatnaşýan ýokary wezipeli adamlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşyny uly üns bilen diňlediler.

Türkmenistan ulag ulgamynda ysnyşykly hem-de giň halkara hyzmatdaşlyga berk we yzygiderli ygrarlydyr, diýip bellemek bilen, milli Liderimiz bu ugurda ýüze çykýan meseleleri çözmäge gönükdirilen garaýyşlaryny beýan etdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: